Töwekgellik
The problem is that without risking, we risk a hundred times more. Marcus Aurelius
Goý, kim näme diýse diýsin,
töwekgellik etme, ilim,
otur başyň aşak salyp,
bükülse-de soňra biliň,
bir gezek däl, ýüz on gezek,
gazyň barka ýakyp tezek,
ýaşaýardyň allanäme,
emma höçjet, iki-ýeke,
gaz çekmeli diýip oba,
nä günlere saldy seni,
ýazan bolup, bozan bolup,
diňleme sen hiç birini,
ýer bermeli, suw bermeli,
erk bermeli diýip ile,
gurýar olar, meger, hile,
bulandyryp suwy ilki,
balyk tutjak bolýar, belki.
Goý, ogulyň, gyzyň günde
gara köseň bolsun ýörsün,
ýa aňalyp her şermende,
gygyranda jennet görsün
hyýalynda, taýyn ertir,
töwekgellik etme, ilim,
giç bolsa-da, bolmasyn ir...