Žurnalisti öldürýärler
Žurnalisti öldürýärler ol ilde,
öldürýärler öz-özlerin birleşip,
öz sözlerin öldürýärler bilmezden,
ýa-da bilip, ata-baba däpleri,
emeldarlar, polis, KGB bilen,
biri-birin satyp ýaşan ýüz ýyllap,
ýazyjy-şahyrlar, galam tutany,
mugallym, inžener, saglyk işgäri,
ýok etmeli diýýär watan satany.
Diýmek, agzyn açmaly däl il ogly,
ýok diýýärler problema, mesele,
daýhanlary, işçileri, student,
ýolugýan ýok dünýä degen kesele,
öldürýärler eger biri bar diýse,
kynlaşdyryp adam bolup galmagy,
ýa-da onuň nämedigin bilmedik,
hem akylly, ýöne hak söze ýagy,
ýalan ýaşap, bolan ýaly ölmedik.
Batyr olar, sesli, sessiz, parhy ýok
žurnalisti öldürmeli bolanda,
susdurmaly bolsa, iki paý berlen,
eýesiz itleri öldüren ýaly,
zäherlän dek pişikleri köçede,
öldürmese, okamaýar köpüsi,
diňlemeli bolsa, bolmaýar wagty,
başga möhüm işleri bar, gutarmaz,
o milletde öldürýärler ýazany,
el çarpyşyp, götergiläp azany,
öz-özlerin öldürýärler adamlar,
bäbeklerin, belki, dogmadyk heniz,
gömüklige itip biri-birini,
näçe nadan bolsa, begenýän ýaly,
näçe mätäç bolsa, begenýän ýaly,
eger ýansaň iliň halyna çyndan,
bile-göre bolsaň höçjet žurnalist,
taýyn bol gaçmaga gaçan dek jyndan.