Guluň päli
Sen adamy KGB-den halas et,
gara terroryndan gara döwletiň
gutar, çykar jennet ýaly ýutrlara,
jaýyny ber, çaýyny ber mugtuna,
çagalaryn okat, ilden kem etmän,
bir, iki däl, ýigrimi ýyl sypala,
gara başyn, satyn alnan ýamandan,
pahyr, ýüreginde göterýän bolsa,
KGB-den beter, gara sanawy,
bir gün elim gelse, dönsem yzyma,
ony ýurda getirmesem, getirsem,
türmä bassam, ýa-da etsem beterin,
sen adamy KGB-den halas et,
peýdasy ýok, guly bolsa hederiň.