Basyp alan dowul
Koloniýa astyndaky adamlar,
ýetimligi gören, gören açlygy,
bilýän bolşewigiň gazabyn, şerin,
ölmek näme, galmak näme iki gün,
uruşdan soň, ahy-nalany goýup,
ýykylan Aşgabat – ýürek ýarasy,
okap, stol alyp, ilimi soýup,
ýaşaýyn diýmedik, halal adamlar,
Aýna bolup giripdirler ýürege,
Artyk bolup giripdirler ýürege,
Gandym aga bolup giripdir olar,
gapysyny kakman, zorluk ulanman,
jübüsine girmän gorkuzyp, pylan,
biri bolupdyrlar iliň, ulusyň,
elbetde, susmaly ýerinde susup;
olar sözlük düzüpdirler söz çöpläp,
işin edip, döşe kakman güp-güpläp,
emma yzdan gelýän, garaşsyz bolan,
esasy mesele – men-menlik, talaň,
ýykdylar kinony, teatr bilen,
okan, dokan gaçýar başarsa çykyp,
yzda galan diýýär: dolanma, ogul,
ýürekleri basyp alypdyr dowul...