Ýalňyşan duşman
Bu gün saňa dost bolanyň,
belki, sylan pikirleriň,
goldan çyndan edýän işiň,
tutýan ýoluň, kyn bolsa-da,
ertir ýa-da bir hepdeden
duşman bolup biljegini,
tapan daşyn saljagyny
unutmasaň gowy bolar,
diýenmişin bir pygamber,
belki, öňden gelýän gürrüň,
bu gün saňa duşman bolan,
gyryp, çapyp ýüz elli ýyl,
dostam bolup biler ertir,
şeri ýykjak urşy ogşap,
tilkilenip, bolansoň şir.