Kiçi dogan derdi
Kiçi dogan derdi, uly doganyň,
terrorçynyň saýasynda saklanmak,
ýa saklanan bolmak ýylgyryp ýalan,
ýadatmadyk bolsa, ýormadyk bolsa,
kiçi bolup dogulansyň aslynda,
ýokdur hetdiň ulalmaga, durmaga,
bir urana iki şarpyk urmaga,
ýa ogurlyk, jümürlige bulaşyp,
mejbur bolup demir gapan gurmaga,
ile garşy, belki, özüňe garşy,
ogul-gyzyň bilen düşensiň ýesir,
ata-babaň ruhuna sygynman,
kes diýilse, eliň, aýagyň kesip,
kiçi dogan derdi kiçeldip alar,
uly dogan nätse, çykartman sesiň.