Içdäki agy
Men hemişe aglaýaryn içimden,
basgylanan ilim üçin asyrlap,
galdyrasym gelýär onuň egninden,
arakory galdyran dek köçede,
bes et diýip bir-biregi iýmegiň,
daşymdan aglasam, güljek duşmanym,
dogry, käte ýüzüm ýuwup, diýýärin:
il diýilýän, belki, meniň puşmanym,
hiç birisi degmez damja ýaşyma,
boş erteki eken watan diýilýän,
ýöne soň ýene-de bitlere, bürä
gahar edip, ýorganyny otlaýan,
utulanyň donun zyňýaryn dula,
sakgalymy syrýan gazap düýbünden,
göz öňümde satylanlar sakgally,
men hemişe aglaýaryn içimden,
hemem diýýän: besdir, ýeterlik, boldy!