Oýnatgy il
Oýnadasy geler iliň, milletiň,
millet däliň, tire-taýpa, syrgynyň,
oýnamasaň oýny bilen, öýkelär,
gaty görer, gaty gygyryp oýnan,
gülüp oýnan, aglap oýnan oýnunda,
talananyň, talanlaryň ýanynda,
aldanynyň, aldanlaryň ýanynda,
molla bolup oýnan, ýa-da ateist,
ýa aralyk, içip, çeken, soňundan
toba eden bolup oýnanlar bilen
oýnamasaň sygdyrmazlar obaňa,
şäheriňe, guma, çöle gaçsaň-da,
dagda, düzde gizlenseň-de çäkmeniň,
hem ýorganyň, hem düşegiň edinip,
syýasatçy bilen syýasat oýnap,
pursatparaz bilen pursat depişseň,
pökgiň ýaly, çagalykda tapmadyk,
gaz satana gaz berdirseň ýa berseň,
nebit satan bilen nebit sepişseň,
belki, iki günlük mydar edersiň,
ýok, bolmasa aýyp, günäň gutarmaz,
gün bermezler, tapyp, bilip ýeriňi,
ýigreneni narpyzmyşyn ýylanyň,
hin gazynsaň, gögererler agzynda,
oýnadasy geler oýnatgy iliň,
oýnamasaň ýurduň ederler zyndan.