Ýalan ölümi
Bir gezek däl, iki diňle hemişe,
ilki diňle näme diýlen, aýdylan,
a soň seret kim nirede aýdypdyr,
näme üçin ýa nämäniň peşinde,
bu bir öňden gelýän pähime meňzeş,
adam ogly aýdyp biler her zady,
hatda hakykaty, onlukdan urýan,
ýöne oňa ol hakykat gerekmi,
näme üçin gerek gerekli bolsa,
ýa ol öňki bozulandan, bozandan
gowurakmy, ýaşadymy arassa,
ogurlyga gelmän, talaňy bilmän,
bir gezek däl, iki diňle elmydam,
ýaşajak bol diri, ýalandan ölmän.