Dilsiz millet
Dili ýokdur il-ulusyň,
susar, busar, akyllydyr,
soramaly bolsa hakyn,
emma sen sorasaň, dilli,
gybatçysy kändir onuň,
ýykylaryň islär olar,
islär olar galmazlygyň,
bulaşmagyň barha beter,
bagyşlamaz tursaň ýerden,
diri galsaň eder heder.
Öz-özüniň türmesi il,
öz-özüniň tussagydyr,
boşajakdan alar para,
ne agajy, ne ýüpi bar,
emma özün çeker dara.