Alla we ynsap
Biri diýdi: Ile, walla,
ynsap bersin özi allaň,
iki sözüň biri hudaý,
emma gözler aç hem gedaý...
Beýlekisi diýdi gülüp:
O diýýäniň özünde bir
galdymyka hakyň, allaň,
eger bolsa, näme üçin
baýa berýär, yza alman,
garyplary taladyp has,
gerek wagty alla bolman?..