Gezen dil
Gezen aýak hapa basar, elbetde,
gulak assaň, eşitmersiň nämäni,
ýa okasaň, nämeleri ýazmazlar,
gülen bolup başgalaryň halyna,
öňe giden, güýçli, basyp alanlar,
ýa basylyp alynmadyk hiç haçan,
ýa-da ýaňy zynjyryndan boşanan,
ýa ýaragy gurat, ösenmiş senden,
depä çykan samsygyňy görkezip,
on barmagy onbir göwher ýüzükli,
ýa beýleki ýazyjyny, has ussat,
ýazan kitaplaryn okap görmedik,
ştangaçy, çapyksuwar, itşynas,
gep ýassygy edinerler, hamala,
öz başyna çykan idili ýaly,
soň görersiň, uruş turar, ýogalan
ýanýoldaşyn zada çalşyp aýaly,
bagtly bolar, ýurt alamyş, ýer ala,
ene-ata oglun köpüge çalşyp,
ýer yranar, tanadar il, kim, näme,
başyna iş düşse kesek, daş salşyp.