Görogly oýny
Sen dogmanka türmelerde süýrelen,
hakykaty aýdyp zalyma göni,
diňe özüň, çagalaryň üçin däl,
belki-de, indiki doguljak üçin,
dowamaty üçin iliň, milletiň,
emma soňra dogulanlar, okuwly,
gelip-gelmän, iki sözi öwrenip,
Göroglyny oýnar, durmuş teatr,
bileni, göreni, başga kino ýok,
pitjiň atar, näme diýmez diňleseň,
diňlemeseň, dowam eder, mamladyr,
hä berilse joşar, kellesi göçüp,
jogabyny berip bolmaz deň bolup,
il dargasa, ýer ýok gidere gaçyp.