Hakyky haýynlyk
Eger-de sen ogry-jümrä,
köşk gurunýan, talap ili,
ogurlaýan ömürleri,
haýbat atyp, gorka salyp,
terror atyn münüp ykjam,
galar ýaly harabada,
jaý gurýana hatar-hatar,
kimden alar, kime satar,
ili bölüp aga, gara,
oýnap, aldap, çaga ýaly,
ýeten ýerne düşäp haly,
tans etdirýän, gujak doly
bagty bar dek, tozan halka,
imansyza iman diläp,
dogry sözüň aýtsaň, diýseň,
dönük borsuň iki günde,
haýyn borsuň, gaçsaň daşa,
gara başyň satyn alyp,
il ýykylar, ýurt ýykylar,
tomaşaçy bolsa galyp...