Selki sapagy

Pikir etme diňe döwlet, KGB,
oýnar diýip seniň ykbalyň bilen,
pökgi ýaly depip, gapyp köçede,
bardyr adam perişde dek, elbetde,
bardyr adam, doglan arwah ejeden.

Bardyr seni ýumak edip oýnajak,
öňki, soňky, pikirlenýän, gözleýän,
emma sowet, kolonial tälimi,
ýa açgözlük, gaty gadymdan gelýän,
içden alyp, düzelmeýän,
ýa olardan bolan, daşy guraman,
mätäçligiň nämedigin öwrenen,
gözi ýaşly, dogry, galan kyn günde,
ýat illerde içe girip, sözleýän,
ýügerini däl-de, halanjak sözi,
duzuň iýip, doýman garny däl, gözi;
ulanjak kän seni, ulanyp bolsa,
bulanjak kän soňra bulanyp bolsa,
sen diňe KGB, hökümet diýme,
oýnajak kän seniň ykbalyň bilen,
çagaň bilen, geýip mysapyr donun,
nirelerden geldi, nirä bardy il,
öz-özüni daga, daşa urýan sil,
ýykyp-ýumrup, geçip gider, belki-de,
gora, taňrym, içe giren selkiden?!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024