Ýaranjaňlaryň göreş usuly
Bertrand Rasseliň äheňinde
Akmak begiň akyllynyň aýdany,
diýenleri hakda edýän gürrüňi,
bolup bilmez iki dünýe düzüwli,
sebäbi ol bilip-bilmän eşiden
sözlerini ýoýar özüne çenli,
duzuny, tagamyn gaçyrar gepiň,
gyzgynyny gaçyr közüne çenli,
ojagynda öçüp galan ýüz ýyl öň,
atasyny öwýän oglun okatman,
ýitirilen asyrlary taryplap,
ýoýulan taryhy ýoýýan ýene-de,
ne iline, ne özüne peýdadyr,
töhmet bilen ýeňýän sene-menede.
Düşünmeýän zadyn düşündirmäge
synanyşýan adam gaçyrar seni,
aklyň bolsa, haýsy ýandan gelse-de,
bir obany, bir şäheri, ýurdy däl,
bütin materigi basyp alsa-da,
saklap bilmez seni çukura gaçan,
üstesine öwýän ony saklatman,
saklajak bolanyň agzyny döwüp,
şonuň üçin, belki, ýol bolup galan,
ýykmak depä çykan ýeňlesi öwüp.