Ýaradana barýan kişi
Ýaradana barýan adam,
ýaradandan gelýän ýolda,
barjak bolsa yzyna tiz,
gowuşmagyň şerti, belki,
görmelimiş uruş, gowga,
ýaraly, gutulyp ujyz,
jebir-jepa çekmelimiş,
geçmelimiş içinden kän
meslikleriň, peslikleriň,
kemsidilip, aç ýa suwsuz,
geýip bilmän geýjegini,
kän kösenip aýakgapdan,
ýa baý bolup, talap ili,
suw içirmän akar ýapdan,
soň talanyp, bilmelimiş
ýalňyşyny, açgözlügin,
ýaradana barýan adam,
ýardandan gelýän ýolda
düzmelimiş öz sözülgin.