Ýurt derdi
Ýurduň hassa bolsa eger,
ýeriň hassa bolsa eger,
hassa bolsa derýa, deňziň,
ýa kölleriň, parhy näme,
nebit-gazly çöller bilen,
hassa bolar howaň seniň,
hassa bolar iliň seniň,
dogulany, dogulmadyk,
ölenleri ölmezden öň,
belki, soňam çeker azap,
uçup gelip ruhlary,
ejir çekýän halky synlap,
emma turup gutulaly,
daýanaly derman tapyp,
diýseň döwlet gowy görmez,
gowy görmez il-ulusyň,
hassa bolsa, düşünmese,
ýa düşünip, beter etse,
diý sözüňi, emma artyk
bolmajak bol agyr hassa.