Aňsat we kyn mesele
Çykyp gitmek gyzgynyňa ýurduňdan,
ýüze uran, aňsat, belki, ýaşlykda,
akyl berer, maslahatyn gysganmaz,
öňüňden çykanlar – seretme yza,
milletiňe gerek şeýle ýaşaýyş,
aýagasty bolup bolşewik, käne,
her biriniň içindäki Lenine,
Staline bolmaz seniň alajyň,
urup-ýenjip, öldüreni sylaýan,
kemsidene hormat goýýan adamlar,
özlerine hormat goýup bilmezler,
sylamazlar ene-ata, agasyn,
daýylaryn, GULAG bolan ykbaly,
emma sen, ýok, başarmarsyň diýmegi:
goý, islese mundan soňam dagasyn.