Iki daşyň arasy
Ýurtda türme, KGB, bet, bedasyl,
çagalaryň bardygyny ýatladýar,
mekdebe gidýärler, ýoldan geçmeli,
diýýär sürüjiler gyssanmaç, bilýäň,
kellesi ýok adamlaryň käsiniň,
içip sürýän, çekip sürýän ýeterlik,
näme etjek beýdip il üçin gerlip,
biljek barmy eden işiň, kimlere
näme üçin janyň ýakýaň, kösenýäň?..
Ýurtda türme, KGB, bet, bedasyl,
sen bir daýhan, diňe bermeli hasyl...
Ýurtdan gaçsaň, ene-ataň yzyňda
terror aşagynda ölýär armanly,
ýaşaýyş ýok mertebeli adama,
a daşarda, aýralygy dadanlar,
adam bolup galmasy kyn adamlar,
töhmet terroryndan elheder alýar,
kimiň agzy näme aýdar, ne çykar,
süri derejesi, gykylyk, gowga,
şyltak käli akýar opuryp kenar,
bagym bolsa, gitsem diýýäň daş ada,
derim döküp iýsem işigimde nar...