Inçelen umyt

Alla, gora diýip, ýalbardyk haka,
ýa ýaradan, ýurdumyzy aman et,
gora şerden, ahlaksyzdan, azgyndan,
emma beter boldy ýalbarsak näçe,
ýa alla-da satyldymy dollara,
ýa-da ogly-gyzy okuwa girip,
soňra lukman, ýurist ýa-da biznesmen,
ilçi bolup işlejekmi, mätäçmi,
ýa gorkaýrmy zyndanyndan KGB-äň,
aç hem suwsuz oturmaly ojaksyz,
gyşy sowuk, tomusyna dowzahda,
belki, kesmelidir umydy hakdan,
gutarmanka yzda galan ah-wahda?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024