Kürsi keýpi
Adam, haýpyň gelsin döşüňe biraz,
ýara etdiň urup, ýaryp, üç günde,
pikir ed-ä dördünji gün barada,
bäşinji gün näme diýjek soralsa,
öň, ozal döşüne uranlar ýaly,
hepde aşar, aý dolanar, ýyl geçer,
gürläp, arlap, hiç kim bolup galarsyň,
adam ogly, haýpyň gelsin döşüňe,
açyk entek senden kürsiň arasy.