Garry köpegiň käri
Garry köpek öwüt berýär, duýdurýar,
ýaş köpege: Seniň sypatyň gowy,
sesiň gowy, üýrseň üýren şekilli,
hol uzakdan üýşendirýäň gelýäni,
ýöne seresap bol, sen dek akylly,
ak köpegi garalarlar, bogarlar,
sesiň çykmaz ýaly ederler basyp,
ýok ederler derrew daşyňy gabap!
Ýaş köpek baş atýar: Bilýärin, agam,
sag bol aýdanyňa, aňýan ýagdaýy,
ozalam kän gördüm, duşdy her ýerde,
ownuk-uşak gürji, men ýaly saýy,
sesi gözel itiň duşmany ýetik...
Garry köpek gidýär ylgap beýleki
itler bilen ysgaşmaga tiz ýetip.