Puldar garyp
Başga birin ýigreneniň,
ýazgaranyň kömek etmez,
ýa bitirmez ýaralaryň,
uly, kiçi, täze, köne,
ýitirme-de wagtyň, belki,
öwren özüň sylamagy,
okamagy, kitap ýaly,
açyp goýup öz öňüňde,
özün bilen, bilýäň - weli,
soň bilersiň başgalary,
käsi senden gowy, ösen,
käsi puldar hemem garyp.