Tanyşlygyň peýdasy
Näme bolsun, ýa bolmasyn durmuşda,
hakyky ýüzüni görkezen gowy,
uzak bukman arkasynda, ýeňinde,
gaýmasyny, keşdesini görkezse,
boljak bolup, eli işliň deňnde,
begen adam kilimini görkezse,
göllerini, eger halyçy bolsa,
güllerini, keçe ýapsa tomsuna,
çünki bilseň, agyr ýagdaýa düşseň,
garaşmarsyň, umyt edip omsuna.