Iman oýny
Elini çekmedi ganhor ýygynçak,
ne enemiz galdy, ne-de atamyz,
arman bilen gözlerini ýumdular,
dogan-gardaş dagdy boldy, ýaragsyz,
tankly, toply terrorçynyň elinde,
telefonda gürleşmäge haly ýok,
ne-de galdy dost-ýarymyz, tirkeşen,
duz iýişen, toýda, ýasda gatnaşyp,
hal-ahwalyn soran ilimiz galdy,
ýesir alnyp, yglany kem uruşda,
elini çekmedi gan içen asla,
däp-dessury duzagyna öwüren,
“Gyryldyg-a” diýip, girer düýşüňe,
“gör-ä!” diýer jübülerin çöwüren,
senden haraý soraýan dek hamala,
öý-öwzarsyz, açlyk çekýän naçar il,
sen sögmeli saýlap alan işiňe,
ýogsa, belli, elin çekmez aldajy,
bes et diýer bes et diýmän, ýaralap,
sagdan urar, soldan urar, sen gaçyp,
nirä gitseň, geler yzyňdan hajy,
nökeri kän ýer ýüzünde, garalap,
ne adyňy goýjak, ne-de zadyňy,
üstesine iman oýnun oýnaýar,
satylany edip peslige perde,
öwmelimiş ony, göterip göge,
pos boljakmyş goýsaň çyg çeken ýerde,
heňlejekmiş köşki-eýwan durşuna,
gögerjekmiş alkyş aýtsaň, är bolup,
ýapja bolup bolşewigiň urşuna...