Ýapyk gapy

Ýapylany, gapy ýaly,
içinden bek, gulpy gowy,
näçe kaksaň açylmaýan,
daş işikde azap edip,
gyşyň güni, tomsuň güni,
sowuk geçip içiňden kän,
epgek geçip içiňden kän,
alajyň ýok biri bolsun,
ýa-da bolsun jemagat, il,
taşlamaly bolar bir gün,
goýup özi bilen, belki,
bir bilýäni bardyr diýip,
öz-özüňi mugt harjamak,
manysyz iş, ardyr diýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024