Surat

KGB oýny

Ýok, KGB eneň, ataň
öldüreni bilen oňmaz,
saklanmaz ol dogan bilen,
ýegen bilen, janyn alyp,
ýesir eder obaň, iliň,
golaýyňa gelen bolmaz,
ýa gelenler matlap bilen,
ýumuş bilen geler, gara
tabşyrygy alyp gizlin,
gahar goşup gaharyňa,
zäher goşup naharyňa...

Ýok, KGB oňmaz asla,
dostlaryňy, kärdeşleriň
ysmaz edip goýup diňe,
ysmaz etjek bolar seni,
nyşanasy çagalaryň,
tohum-tijiň, öňden gelýän
kadasydyr bolşewigiň,
gyrmak bütin neberäňi,
leninçiler toba gelmez,
alman goýmaz öwüp, döwüp,
kemakyly, köwek halky,
gülki edip bütin dünýä,
gop berer ol, gep berer ol,
sonuň üçin kän öwünýän,
bilip, bilmän akly üýtgän,
ýa aglaýan, ýa sögünýän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024