Maksat jandan ileri
Sen gelmänkä gepe düşmez,
üstesine köp gürleýän,
özi bilmän näme diýýär,
ýa isleýär näme diýmek,
ýöne gerek “hä” berýänler,
oňup bilmän özi bilen,
dagy bilen, düzi bilen,
adam gerek özi ýaly,
barýan ýolun saýgarmaýan,
hemem akyl satýan durman,
ýok etmänkä seni alyp,
öz ýoluna zorlap salyp,
gaç ýa sowul işiň edip,
öldürmänkä gara galyp.