Gowşak we güýçli
Gowşak adam, aýdylan öň,
ar aljak bor ölüp, öçüp,
ondan geler, mundan geler,
tüweleý dek öwsüp, göçüp,
güýçli adam bolar başga,
öýke-kine saklamaz kän,
bagty çüwen, hünäri bar,
senedi bar, ýürek beren,
işin edip, ýadamaýan,
höwes bilen gidýän günde,
hem dolanýan argyn däl-de,
ýüzi gülüp öňki ýaly,
unudar ol peslikleri,
edinmez-de kilim, haly.