Hakyky däli
Dogry, gynanmaly adam pahyra,
ýurdy üçin, ili üçin göreşip,
ýa göreşip pikir üçin, ýol üçin,
türmä düşse, ýa düşmese, sergezdan,
tüm gijeler nurun saçsa, müň öçüp,
däli bolsa, akylyndan aýrylsa,
dana bolsa, ýazsa, ýazyp bilmese,
guwanmaly, belki, adam adama,
ýöne o ýüregiň bolmasa ýa-da,
o biriniň eden işi mertebäň,
derejäňi aşak bassa, hamala,
men-menligiň degse çetine gaty,
bolmasa-da seňki ýaly ýüz aty,
ýa maşyny, ýa oýnaşy ýaşajyk,
o biriniň ady ýadatsa seni,
habarlarda, belki, bardyr sebäbi,
azap berse, hiç goýmasa günüňe,
gülen bolma he-he, diwana diýip,
geçip bilmän onuň geçen ýolunyň
ýaryny däl, belki, ýüzden birini,
ýa diýdim-ä diýme ölende diri,
öli ýaşap, akyl satma dirilik,
ýa ýykylan hakda barýan ýolunda,
sen ýalylar ölýär ahyr şeýle-de,
däli bolup öz-özüniň alynda.