Talaňçy
Eger adam, elden gelse, gelmese,
kazy bolsa öz ýanyndan edenli,
hem dökülen nähak gany aklasa,
ýa-da ýapjak bolsa etegi bilen,
bilmez ýaly, görmez ýaly başgalar,
a ganhory, göýä ullakan pida,
ejir çeken etse, namazlyk ýaly,
etegine elin goýup, ses edip,
gulaklaryn gapjak bolsa gulaklyň,
gum peşese gözlerine görýäniň,
agzyna aňalyp, guwansaň, söýseň,
ol däl, özüň gelip uran sen käniň.