Esasy iş
Esasy iş, belki, däldir ulus-il,
ilki eýläk, soňra beýläk sürülýän,
ylgap gidýän görkezilen ugruna,
ýa haýaljak, giden bolýan, alaçsyz,
sög diýilse, sögýän bigünä bendä,
asyynyň asysyn söýýän, sylaýan,
öz kellesin ulanmaýan, hatarly,
pikir etmek diýýän iň uly zyýan?
Döwülenler, belki, däldir mesele,
ýa-da döwük dogulanlar, enesi,
ýa atasy maýyp bolup göwünden,
ýogalandyr dirilikde, ýaşaman,
bir gowy söz aýdyp bilmän ogluna,
bir gowy söz aýdyp bilmän gyzyna,
ýa erbedi agdyk bolup gowudan,
ýaşaýyşa uly güman döredip,
gara, goňur görer ýaly hemmäni,
busar ýaly mydam elheder edip.
Esasy iş däldir, belki, başgalar,
seniň özüň, belki, dünýäň nokady,
ýuw ýüregiň üstünden suw akydyp,
saklap, çekip öňýeteni özüňe,
kim ol, näme, bilmän nirede galan,
esasy iş, belki, özüň ýitirme,
iň ozaly özüň ýaşama ýalan.