Aýalyny urýan erkek
Aýalyny urýan erkek,
içip gelip, içmän gelip,
namaz okap, ýa okaman,
erkekmi ýa dälmi, entek
bellisi ýok, ýöne näçe
gowy geýnip gitsin işe,
ýa gitmesin, işsiz bolsun,
naçarynyň gözlerinde,
çagasynyň ýüreginde,
dag, direg däl, pesiň pesi,
eger ölse, dolup hasap,
aýalynyň gulagynda,
çagasynyň ýüreginde
galar diňe şarpyk sesi.
Aýalyny urýan erkek,
künde ýaly ýumruklary,
gözi däli öküziňki,
ýa-da gülüp, keýpine, täk
aýalyny urýan däldir,
urýandyr ol özün ilki,
içi döwük, ýenjik, belki,
soň urýandyr çagalaryn,
abat galmaz ýaly ömür,
nirä gitsin, ýa gitmesin,
gözleriniň öňi ümür,
ýolun görmän açyk-aýdyň,
ýumruk görýän depesinde,
gulaklary şaňlap duran,
hapa, agyr sözden diňe,
biri sögse, kakasyny,
ejesini ýada salyp,
aýalyny urýan adam,
ak düşege gara tegmil,
çagasyna bolar galyp.