Güüýç ýatlamasy
Waşington, gözläp tapyp uzakdan,
ilçihana bardyk bir gün, şadyýan,
ýolda geçip gapdalyndan Gandiniň,
öz ýurduny azat eden, ölse-de,
ýaşap ýören biri bolup hindiniň,
ýer ýüzünde, akyl-paýhasy hemem
beýikligi bilen sylanýan ynsan,
ilçihana, töri gyzyl halyly,
garşy aldy sowuk, bilýär bigüman,
kimdigimiz, emma aýtdyk aýdymyz,
arman adyn aýdyp bilmedi adam,
soradyk, bir zatlar diýdi ysgynsyz,
gaýtaladyk soragymyz ýene-de,
garşydaky jogap berdi bialaç,
gözlerin tegeläp, “Güüýç” diýip assa,
diýdik biz keýpine gelmedik, eger,
kanunlary kanun bolsa döwletiň,
körpämiz almakçy türkmen pasportyn,
ýok onuň günäsi, çagaka çykdy,
kakasyna töhmet atdy hökümet,
ýok, bolmady, biz ozalam bilýärdik,
ýöne çagaň göwni üçin barypdyk,
şondan bäri öýde gülýärler maňa,
diýip “Güüýç” diýdimi ol adam saňa?