Ýüzügaralyk
O birleri ýüzläp, müňläp, belli zat,
öň hatarda dik durýarka, ölýärkä,
goraýarka her dabanyn topragyň,
gany bilen, jany bilen, gaýgyrman,
ýokarda birleri, berilýän daşdan,
kömegi, ýardamy talasa, alsa,
näme diýip bolar adama, alla,
halas edip bolmaz ony özünden,
nebisinden, içindäki gara, ak,
ulus-ile ynanmaly, belki-de,
ýöne hemmä ynam edip bolanok.