Petik

Adamlary bir-birine saldylar,
dogan doganyny ýigrenýär, iýjek,
agzy ýetse iki egnin diýleni,
öküzler däl, traktorlar gaharly,
sebäbi ýangyjy, ýagy ýetmeýär,
şaýlaryny alyp, dakýarlar başga,
partiýanyň işi ýöreýär durman,
Lenin baba galdyryp dur elini,
düşünýän öýünde burulýar, arman,
daşa çykyp, ýaryp bilmez dilini,
bilýär, düşünmezler, ýa-da düşünip,
ýok ederler bilýänini bildirse,
diňe samsyk bolup oýnaýan galar,
ajaly ýetmese, alla almasa,
gowy görüp, öz ýanyna, gowy ýer
diňe para, peşgeş bilen beriler;
adamlary bir-birine saldylar,
hökümetiň gurdy uwlady gündiz,
ulus-ili öz-özünden aldylar,
berdiler açlyga, gahara, kinä,
ýat illere çykaran dek ýaş gyzy,
toýdan soňky tomaşany bilýän ýok,
ýa-da belli her bir petigiň yzy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024