Mysapyr dogasy
Biziň enemizi agladan aglar,
biziň atamyzy agladan aglar,
biziň mamamyzy agladan aglar,
biziň babamyzy agladan aglar,
aglar biziň agamyzy agladan
aglar biziň inimizi agladan
aglar biziň uýamyzy agladan,
daýzamyzy, daýymyzy, çykany,
ýegenleri ýetim goýan ýetim bor,
aglar biziň çagamyzy agladan,
ýat illerde yzyn garan, delminen,
ýok, biz gargap, dileg edip ýatmarys,
diläris hudaýdan saglygyn iliň,
saglygymyz, alla, bar bolsaň, gora,
güýç ber diýip ýalbararys her säher,
ynanýarys hasaby bar asmanyň,
ony bozup, ýerde kän durmaz şäher.