Hasap oýny
Halas etjek bolup ýalňyşar adam,
durmuş derýasynda başagaý halky,
kisesine gaçan, ownuk pul ýaly,
hasaby-da ownuk, sylaýan galpy,
düzüw adam hiç oýnuna gelmeýän,
näme etsem, ýa etmesem näderler,
haýsy gämi has amatly, has gowy,
hasap edip girjegini, çykjagyn,
utjak bolýan deň bolmadyk oýunda,
karam oýnap, emel edip özüçe,
başgalary öňe tutup, itekläp,
güýji ýetse aşak basyp, çykarman,
ýa birleşip, aýagyndan aslyşyp,
biri-birin iýýän başarsa durman,
el uzatjak bolsaň, maňlaýyň gara,
dili hasap, dini hasap, imany
pula giden, ýele giden, hasabyn
çykarmasaň bolmaz sözüňde many.