Ýalňyzlyk
Karl Gustaw Ýaňyň äheňinde
Ýalňyzlyk – bu daşyň alan
hossarlaryň ýoklugy däl,
guçak açýan gelen wagtyň,
ýa gideňde, ýola salýan,
ýene-de gel diýip galýan,
bolmazlygy seniň üçin
möhüm gepi diňlejegiň,
düşünjegiiň, ýanýaň nämä,
bile münüp deşik gämä;
ýa-da seniň garaýyşyň,
pikirleriň başga bolsa,
bolşewige garşy gelse,
basmaçymyň, ýa başga zat,
kuçeralar üçin erbet,
tersin bolsa, çekinmeli,
kirpi ýaly, gara gören,
gaçar ýaly Garagum ýok,
doglan bolsaň bolup jeren.