Gowak nesli

Gowagyňdan çykan bolsaň dolanma,
gaçan bolsaň, beýniňdäki gandaly,
zynjyrlary gyrjak bolup, kösenip,
gije-gündiz pyçgy salan mysaly,
okan bolsaň, ykbalyňdyr bu seniň,
dokan bolsaň, ykbalyňdyr bu seniň,
mesele hiç alym bolmakda däldir,
mesele hiç haly almakda däldir,
gözlemekdir öz ýoluňy, özüňi,
ýüregiň aslyşar, daş ýaly aşak,
aýagyňa daňlan öldürdim edip,
suwa zyňan duşmanlaryň deňine,
yza tarap çeker durar, towşana,
aýdylan öň, dogduk depe diýleni,
çagyrsa-da gelme ýurduňa gaýdyp,
gowakdaky tussag nämeler etmez,
doganyňmy, dolananmy ýa başga,
nahar diýip, zäher berer günortan,
has ýokarda, ýöne gowak içinde,
ýagtylykdan gorkup, oturan üçin,
ýa gara gandaly, gara niýeti,
päli bilen çykan gara gowakdan,
seniň ýaly, häsin berseň, göreşen,
sözüň azatlygyn isleýän, pylan,
goý, nirede bolsun, näme gürlesin,
bir gün özi bilmän açar özüni,
sende seni görmän, özüni görüp,
siňe baksaň, ýurduňdaky duzakdyr,
gowakdyr, gaç, aýagyňa tüýkürip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024