Saklanmagyň şerti

Öňem biri aýtmyşlaýyn,
durmuş seni synar günde,
ýykmak üçin däl, elbetde,
tälim bermek üçin, belki,
kuwwat bermek üçin, belki,
ýa ýiteldip gözleriňi,
görer ýaly etmek üçin
öňde duran çukurlary,
kesek, daşy, togalanan
dag başyndan ýola, ýoda,
sen gülmeli, ýylgyrmaly,
galjak bolsaň bolup adam.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024