Ýele berlen sözler
Gowy sözi, bugdaý çöregi ýaly,
ýaş bolansyň, göwni açyk oglansyň,
beren ýaly açlyk ýyly millete,
ýylgallaňy degirmene äkidip,
üwedip, un edip, hamyr etdirip,
tamdyrdan geçirip, özüňe goýman,
paýlansyň, ýüregiň gowudyr, akdyr,
soň görersiň, düşünersiň, adamdan
doly köçe, käte bir adam ýokdur.