Ömür
Günler geler, geçer gysga
aralyga ylgaýan dek,
ýa içmegi gowy görýän,
dostuň ýaly, gije gelip,
gapyň kakýan galsa arak,
bilýärdim-le diýip gülüp,
bagra basyp dermanyny,
açyk galan buzdolaby
ýapýan wagtyň çykyp gidýän,
soň oturyp oýlanarsyň,
gülmelimi, aglamaly,
günlermi ýa ömür geçýär,
kim nämäniň pikirinde,
kimler nämä ýanyp, öçýär?