Iň gowular
Ernest Hemiňweýiň äheňinde
Iň gowular ýüreginde hemişe
götererler duýgularyň gözelin,
batyrlygy töwekgellik etmäge,
dogry, düzüw ýolun tapar dürs sözi
aýdyp bilmäň şek ýetirmän ärlige,
düzgün-nyzam bilen ýaşarlar olar
ukyby bor mydam pidakärlige,
ýöne arman, by gözellik, bu gylyk
ejiz eder gowulary kyn günde,
ellerini uzyn eder urjagyň,
hezil edip ýaralajak gurjagyň,
belki-de ýok etjek başarsa, zalym
iň gowular awy bolar kän alyň.