Sowet adamsy
Omat aga indi-indi düşünýän,
sowet adamsyny jennetde goýaý,
ýaşap bilmez adam ýaly diýerdi,
diletantdyr boýdan-başa, köplügi,
okany, dokany sygdyrmaz dünýä,
özümem şol, aýyp gözläp özgeden,
KGB-niň mekdebini gutardym,
Moskwada tälim aldym, yzyma
iberdiler aňtamaga ilimi,
ýazyjysyn, şahyrlaryn yzarlap,
habar etdim kim nämäniň küýünde,
inilerim etim iýipdi tasdan,
şu işiňde ol işimi bitirmän,
o birlerin öli, diri ýitirmän,
sendenem bir aga bormy diýdiler,
öz öýümden tapdym dönügi ahyr,
dönükligi gören, çekenler biler.
Sowet adamsyny jennetde goýaý,
ýaşap bilmez adam ýaly, bilýärin,
garny doýsa, ylgap aýdar, goňşusy
aç bolmasyn, hor bolmasyn, dilegim,
egni bitse, bütin şäher bilmeli,
täze telewizor, kir ýuwýan maşyn,
ýa ulagy bolsa, obada galan
garyp hosaryna süýkener baryp,
çydap bolmaz, hatda jennetde goýaý,
goňşulary sowet bolmasa eger,
hiç düşünip bilmez, nämeler bolýar,
gygyrar, bagyrar, başga biriniň
saçy, gaşy, kirpikleri, dyrnagy,
düşegi, gijeler näme edýäni,
ýa-da gündiz saga, sola gidýäni,
o biriniň öýleneni, çykany,
aýrylyşan, bar zat işidir bendäň,
Omat aga indi-indi düşünýän.
Gitdi, bu bolçuluk ýaraşmaz bize,
bu topraklar, ýat illeriň kesegi,
gabyrda-da gysar bizi erkinlik,
sowet adamyny jennetde goýaý,
ganhorlary, gyran ata-babasyn,
näçe kitap, kino çyksyn, gahryman,
buýsanç saýyp, ýüreginde göterer,
başarsa, gaýtalar olaryň işin,
o biriniň çykarjakdyr gözüni,
o biriniň urup, döwjekdir dişin,
näme etdi diýseň, ýylgyrar ýeser,
görersiň gözünde ýigrenji heser,
bahyllyk, bahyllyk, bahyllyk ýene,
adamy bireýýäm içinden iýen,
ýa daşyndan urup-urup uşadan,
üstesine bar zat gerek goşadan,
men-men diýer, şöhrat gerek hoş eden,
ýaşap bilmez olar başga ýerlerde,
çörek nobatyny küýsär gaýtadan,
gatyk nobatyny küýsär gaýtadan,
türmeleri küýsär, açlygy küýsär,
uruş küýsär, basyp alasy geler,
ýaragy bolmasyn, güýji bolmasyn,
sowet adamlaryn jennetde goýaý,
gorkar hudaý, birden basyp almasyn.