Gowy gürrüň
O ýerlerde, bu ýerlerde ýazyjy,
şahyrlary, žurnalisti, ýanalýan,
goldamagyň gürrüňleri edilýär...
Hudožnigi, aýdymçyny, ptotest
aýdymlary bilen tanalyp başlan,
sazandany, toý bagşysy bolmadyk,
gapysynda hökümetiň, milletiň,
diňe güni, keýpi üçin ýaşaman,
goldamagyň gürrüňleri edilýär.
Adamlary, adalaty gözleýän,
alla, hudaý bardyr diýip, belki-de,
imanyny çalyşmadyk manada,
gynanýan iline, itilse oda,
aýagasty bolsa gyzlar, gelinler,
ýetim galsa, maşgalalar bozulsa,
döwlet äri azyp, aýagyn gazyp,
milletine duzak gursa tobasyz,
o ýerlerde, bu ýerlerde, obasyz
şahyrlary, ýazyjyny, gadagan,
goldamagyň gürrüňleri edilýär.