Ýalan halal
Ne dilinde, ne elinde bol iliň,
dargan millet dargatmasa ynjalmaz,
bozulan il bozjak bolar her edip,
arak berer, tirýek berer, nas berer,
çilim berer bolman, bineşe diýip,
sylamaga derek kemsitjek bolar,
ýa gep berip, ýüregiňi çişirer,
ýitirer özüňde özüňe ynam,
adamzada ynanmagy goýaly,
alla diýen bolar, diýen bor hudaý,
sen özüňi gora ozaly ilden,
halal bolan bolýan ruhy gedaý.