Il pyýada, pul maşynly
Ol adamlar, belki, pikir etmedi,
düýn-öňňunam başyn sypap ulaldan,
işe giden ogul-gyzlary hakda,
çagalary hakda çagasyn goýup,
eje, kaka mährine zar yzynda,
ýat illerde ýatyp-turan gijeler,
gündizine tapan işini edip,
ýa-da pikir edip, meniňki bitsin,
olaryňky ýitsin etdi alaçsyz,
eklenmeli, aç ölsünmi talanan,
ýer gatasa, öküz öküzden görer,
a adamlar ýoldaşyndan, ýakyndan,
kimiň näme hyýaly bar, bilmek kyn,
ýa aýaly, äri näme pikirde,
haýsy erbet işe gidenler üçin,
garaşylan alla ýokmy ýokarda,
geljek diýse, gelme diýýärler yzdan,
ol adamlar, belki, pikir etmedi,
ýa pul üçin geçdi oguldan, gyzdan.