Şahyr ili öldürmeýär
Hatda erbet goşgy ýazyp,
oda ýazyp iň namarda,
waspyn edip näkesiň-de,
şahyr ili öldürmeýär,
ýaralaýar az-kem, dogry,
talantyny atyp çöpe,
öz etini otsuz gowrup,
gep ýassygy bolýar köpe;
emma döwlet bolsa ogry,
ýara salyp goýmaýar kän,
gynap, gynap şahyrlary,
ýa ilinde, ýa sürgünde
öldürenden beter edýär,
eger gowy goşgy ýazsa,
hakykaty açsa açyk,
iki sözde jaýlanmala
galam bilen gabyr gazsa,
bu döwletiň günäsi däl,
gulluk edýän gara pula,
arka diräp kaýyl gula,
şeýle bolýar millet azsa,
ne özüni gorap biljek,
ne şahyryn, gaty gyzsa.